müzzertmek

müzzertmek
işlik
1) Sust etmek, ýygryljyratmak.
∙ Baglary süýnüp giden şalkyldawuk çepek ony ýygrykdyrýan we müzzerdýän ýaly görünýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
2) Nalajedeýin hala salmak, ejizletmek.
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.
Meselem müzzertmek - müzzerdýär, müzzerder, müzzerdipdir.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно сделать НИР?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»